«Real» köp sanly ýaş futbolçylary öz hataryna goşmak isleýär.
«Monako»-nyň ýarymgoragçysy, 21 ýaşly Orelýen Tçuameni, «Borussiýa Dortmund»-yň ýarymgoragçysy, 18 ýaşly Jud Bellingem, «Aýaks»-yň ýarymgoragçysy, 21 ýaşly Raýan Grawenberh, «Laster»-iň 21 ýaşly goragçysy Uesli Fofan hem-de «Baýer»-iň 18 ýaşly hawbeki Florian Wirtss kluba goşuljak oýunçylaryň sanawyna girizildi.
Şeýle-de, Madridiň «Real» kluby başgalar bilen birlikde, «Palmeýras»-yň 15 ýaşly hüjümçisi Andrigi hem göz öňünde tutýar.
«TürkmenGazet».