Hasyl bolmawersin hemmäñ arzuwy,
Onda-da adamlañ ownan mahaly.
Ýamanlaryñ gara netinden ýaña,
Ýere ýeter ýagşy bendäñ sakaly.
Menzilne ýetmesin ähli niýetler,
Kä künjekde enä ölüm dilener.
Toba-toba kabul bolsa hemmesi,
Tikenli gül ýaşar, tämiz gül öler.
Goý güllesin enäñ ogla dilegi,
Kabul bolsun atañ ýagşy myrady.
Eger hemme arzuw hasyl bolaýsa,
Ýitäýmegem ahmal ynsabyñ ady.
Hemmäñ arzuwynyñ hasyl bolmagyn
Gyssanyp tost aýdañda-da dileme.
Hemme ýürek ak däl,
(Şeýle bolsady)
Diläberseñ näme gelse diliñe.
Emma welin Hudaýynam unudyp,
Başarsalar ýykjaklar bar dünýäni.
Goý kabul bolmasyn hemme niýetler,
Terezimiz abat saklanar ýaly.
Kerim HALLY.