Slider

Ine, deňiz towşany

23-01-2022 / 11

Jorunna parva ýa-da deňiz towşany. Bu ajaýyp, görmegeý  bedenli, kiçijik gulaklary bilen hemmeleri haýrana goýýan deňiz jandaryny «deňiz towşany» diýip atlandyrýarlar. Sebäbi towşana örän meňzeýär.

Jorunna parva «Discodorididae» maşgalasyna degişli bolup, ol ilkinji gezek 1938-nji ýylda meşhur ýapon deňiz biology Kikutaro Baba tarapyndan öwrenilýär we birnäçe ylmy žurnallarda, kitaplarda çap edilýär. Soňra internetiň ýüze çykmagy bilen has hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Jorunna parva, esasan, Ýaponiýanyň kenarlarynda, şeýle-de Hindi ummanynda we Filippin kenarlarynda köp duş gelmek bolýar. Bu deňiz jandarynyň köp ýaýran sary, mämişi reňkli görnüşleridir, ýöne adamlaryň köpüsi seýrek duş gelýän, towşana meňzeýän ak, ala reňklerini halaýarlar. Jandaryň göwresi spikul diýilýän ownuk iňňe ýaly gurluşly bolup, bedeni sütük bilen örtülen ýaly görünýär. Şeýle-de, bedeninde tegelek görnüşde gara düwürtijikler bolup, olara kariofillidler diýilýär. Näme üçin niýetlenendigi entek anyklanmasa-da, hünärmenleriň köpüsi duýgy, sensor wezipesini ýerine ýetirýändigini belleýärler. Kellesinde towşanyňka meňzeş iki sany kiçijik uzyn gulaklary bar we olara rinofor diýilýär. Olar jandaryň duýgy organydyr. Gulajyklar suwuň himiki düzümini kesgitlemäge, iýmit we jübüt tapmaga, akymlaryň ugrunyň üýtgemelerini anyklamaga kömek edýär. Olar  kiçijik klapanlar bilen örtülip, daş-töweregini has gowy tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bedeniniň arka tarapynda güle meňzeýän gurluş bar. Bu deňiz jandarynyň žabrasydyr. Olar germafroditlerdir, ýöne şeýle-de bolsa özbaşdak köpelip bilmeýärler. Köpelmegi üçin başga bir jandar gerek. Uzynlygy 2,5  santimetrden geçmeýär. Bu adaty towşanyň ululygyndan has kiçidir. Jorunna parva örän zäherlidir. Şol sebäpli ýyrtyjylar bu ýakymly kiçijik jandardan gaça durýarlar. Bu maşgala degişli ähli deňiz jandarlarynda bolşy ýaly, olaryň zäherli häsiýetleri gubkalar arkaly  iýmitlenmegi  bilen baglanyşyklydyr. Käbir zäherleri lukmançylykda çiş  keselini bejermekde ulanylýar. Olaryň ömri gysga we ortaça birnäçe aýa çenli ýetýär. Olar ummanlaryň ähli çuňluklarynda, esasanam, merjen gaýalarynda ýaşaýarlar.

Joşgun HAJYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu