Habarlar

Türk ilçisi türkmen mediýasynyň wekilleri bilen metbugat maslahatyny geçirdi

22-01-2022 / 7

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda ýerli metbugatyň wekilleri we daşary ýurt metbugatynyň ynanç bildirilen habarçylary üçin metbugat duşuşygyny geçirdi.

Diplomat häzirki türkmen-türk gatnaşyklarynyň geçen ýylky ösüşini häsiýetlendirmek bilen, olaryň aýratyn ýakynlaşmagyna we ösmegine ýurtlaryň arasyndaky ýokary derejeli saparlaryň goşant goşandygyny nygtady.

Ilçiniň aýdyşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Türkiýä eksporty 50%-den, Türkiýäniňki bolsa 27%-den gowrak ýokarlandy, netijede ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy bir milliard 911 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Metbugat ýygnagynda ýerli metbugat wekillerine Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze metbugat attaşesi H.Bektaş resmi taýdan tanyşdyryldy. Ilçi Türkiýäniň «Anadolu» agentliginiň Aşgabatda resmi wekilhanasyny açandygyny habar berdi.

Şeýle-de, ilçi habarçylaryň sowallaryna jogap berdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu