Dünýä ýüzünde tebigy juwan keşbini saklap ýören adamlaryň birnäçesi bar. Elbetde olaryň aglaba bölegi hem zenanlardyr. Şeýle zenanlaryň biri-de indoneziýaly telekeçi zenan Puspu Dewi hasaplanýar. P.Dewi 50 ýaşynda, emma muňa garamazdan, ony 25 ýaşly gyzlardan tapawutlandyrmak kyn. Aýtmagyna görä, onuň bu juwanlygynyň syry özüniň göwün söýen işi, pişesi bilen meşgul bolýandygynyň hem-de ýakynlary, maşgala agzalary bilen gowy gatnaşyk saklaýandygynyň täsiri bolup durýar. Şeýle-de işewür zenan tebigy keşbiňi saklamakda ýa-da ony özgertmekde dürli kosmetiki serişdeleriň, hirurgiki çäreleriň o diýen zerur däldigini belleýär. Ol baky juwanlygyň, tebigy gözelligiňi saklamagyň syryny sport hem-de dürli maşklary ýerine ýetirmekde, fiziki taýdan işjeň bolmakda we mydama ruhubelent, göwni hoş ýaşamakda görýär.
Dogrudan hem dürli sebitleriň, aýratyn hem Aziýa yklymynyň zenan ýaşaýjylarynyň şeýle juwan, sagdyn, tebigy keşbi haýran galdyrýar. Şeýle zenanlaryň hatarynda ýaponiýaly Masako Mizutani, koreýaly Ýung Da ýen, taýwanly zenan doganlar Hsular, taýlandly Apsara Hongsakula ýaly zenanlaryň atlaryny agzamak bolar. Bu zenanlar öz hakyky biologiki ýaşyna seredende has juwan görünýändigi bilen tapawutlanýar.
Zenanlar bilen birlikde, erkekleriň arasynda hem şeýle aýratynlyklary bilen tapawutlanýanlary-da bar. Olaryň hatarynda singapurly suratçy Çuando Tananyň adyny nygtamak bolar. 50 ýaşly suratçyny daşyndan göreniňde ony 25 ýaşly ýaş ýigitden tapawutlandyrmak aňsat däl.
Elbetde, juwanlygyňy, tebigy gözelligiňi saklamak her birimiziň öz elimizde. Çünki biz herimiz özümiziň «zergärimiz», mydama özümizi «ýonup» ýörmeli, bedenimizi taplap, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edip, durmuşyň şatlykly pursatlarynyň şaýady bolup ruhubelent ýaşamaly. Goý, owadan dünýämizde şeýle juwan hem-de gözel ýaşamak her birimize nesip etsin!
Aýgül ALTYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.