Habarlar

Türkmenistanda raýat ýagdaýynyň ýazgylary onlaýn hasaba alnar

20-01-2022 / 12

Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär.

Bu synag taslamasy raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny hasaba alýan ulgamyň hyzmatlaryny sanlylaşdyrmaga we Türkmenistanyň Adalat ministrligi üçin raýat ýagdaýyň ýazgylarynyň Bütewi döwlet sanawyny döretmäge gönükdirilendir. Ol sanly ulgamy döretmek we ornaşdyrmak boýunça degişli tehniki goldaw bermek we bu taslamany synag ýagdaýynda amala aşyrmak üçin işgärleri okatmagy öz içine alýar.

Mysal üçin, BMGÖM Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň ýazgylaryryny hasaba alyş ulgamyny sanlylaşdyrmak bounça ýol kartasyny taýýarlady, ýurdumyzda bar bolan kagyz ýüzündäki ýazgylary sanlylaşdyrmagyň tehniki mümkinçiligini öwrendi we bar bolan raýat hasaba alyş ýazgylaryny sanlylaşdyrmagyň usulyny saýlap aldy.

Raýat ýagdaýynyň ýazgylary döwlet tarapyndan hasaba alnandan soň, ýagdaýynyň ýazgysy amala aşyrylan adamlara elektron görnüşinde şahadatnama berilýär, zerur bolan halatynda, resminamany beren şahsyýetiň elektron sanly goly bilen möhürlenen kepilnama berilýär. Olaryň haýyşy boýunça, gol we resminamany beren bellige alyş edarasynyň resmi möhüri bilen tassyklanan kagyz ýüzündäki şahadatnama-da berilýär.

Raýat ýagdaýynyň ýazgylarynyň hasaba alynmagynyň sanlylaşdyrylmagy her bir adamyň döwlet tarapyndan edilýän hyzmaty almagynyň has amatly bolmagyna ýardam eder.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu