HabarlarSlider

Pekin Olimpiadasy üçin petekler satylmaz

19-01-2022 / 11

Şu ýyl Hytaýyň Pekin şäherinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary üçin petekler satuwa çykarylmaz. Bu barada Reuters habarlar agentligi Oýunlaryň guramaçylyk komitetine esaslanyp habar berýär.

Petekleriň diňe mälim toparlara ýaýradylmagyna garaşylýar.

Öňräk koronowirus pendemiýasy sebäpli oýunlaryň daşary ýurtly tomaşaçylarsyz geçirilmegi mälim edilipdi. Hytaýly janköýerleriň hem tribuna girizilmegi resmi ýagdaýda yglan edilenok.

Ýatladyp geçeliň, Pekin Olimpiadasy 4—20 fewral günleri bolup geçer.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu