Bu agajy ne byçgy bilen kesip bolýar, ne-de palta bilen çapyp. Ony toprakdan edil şalgam ýaly goparyp çykaraýýarlar. Geň galaýmaly, onuň köki hem agajynyň özünden uzyn.
Ony daşa urýarlar welin, çym-pytrak bolaýýar. Ýene bir bellemeli zat: onuň ýapragy gaty kiçi, ýok diýen ýaly. Onuň astynda Günden goranybam bolanok.
Bu agajyň adyna «sazak» diýýärler. Iň gyzykly ýeri-de, ol suwda ýüzüp bilenok. Ähli agaçlar suwuň ýüzünde gaýyp ýörendirler, ýöne sazagy welin, suwa oklasaň, «gyrk-gyrk» edip, suwuň düýbüne gidäýýär.
Sazak Garagumda iň köp ýaýran we tomsuň yssy hem-de gurak günlerinde öz keşbini saklaýan ösümlikleriň biridir. Sazak iri saýaly bag bolmak bilen, ol iki-üç, kähalatda bolsa bäş metre çenli ösýär. Onuň köki çuňlugyna 9 metre çenli, gapdala bolsa 7,5 metre çenli uzaýar. Sazak ortaça 30 ýyl ýaşaýar. Bu ösümlik tohumy arkaly köpelýär. Şeýle hem sazak emeli ýol bilen köpeldilýär. Sazagyň fewral aýynyň aýaklaryndan başlap ösýändigini, mart-aprel aýlarynda gülleýändigini, sentýabr aýynda tohumlaýandygyny bellemeli. Noýabr aýynda onuň tohumy doly bişip ýetişýär.
Sazak ýagynly, maýyl ýaz aýlarynda gowy ösýär. Onuň çägä gömlen pudagynda goşmaça kökler emele gelýär. Çöl ýerlerinde ösýän sazak, selin, sözen süýşýän çägeleri berkitmekde, tozanly ýelleriň öňüni almakda ähmiýetlidir.
Bahar HOJALLAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
ajaýyp