Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 24 sany desgany hususylaşdyrmak boýunça nobatdaky bäsleşikli söwdalary yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Bäsleşikli söwdalar 27-nji ýanwarda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçiriler.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.
Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga milli kanunçylykda bellenilen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
«TürkmenGazet».