Türkmenistanyň Prezidenti geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň dowamynda fewral aýynyň başynda ýurdumyzyň iki palataly parlamenti bolan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigini aýtdy. Mejlisde nämelere serediler?
«Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Halk Maslahatynyň mejlisinde geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna serediler we tassyklanar. Şeýle-de, 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenip, şu ýyl üçin wezipeler kesgitlener.
«TürkmenGazet».