SliderŽurnalistiň sahypasy

Halkara minnetdarlyk güni

11-01-2022 / 11

11-nji ýanwary ýylyň iň mylakatly seneleriniň biri diýip atlandyryp bolar. Çünki bu gün — Halkara minnetdarlyk güni.

Bu güni baýram etmäge isleg bildirýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Halkara minnetdarlyk güni mynasybetli Ýer ýüzüniň birnäçe ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda gyzykly ýaryşlar geçirilýär, dürli dillerdäki afişalara we gutlag bukjalaryna «sag bolsun» hatlaryny ýazyp, minnetdarlygyny beýan edýärler.

Edepliligiň ähmiýetiniň gündelik durmuşymyzda zerurlygyny ählimiz gowy bilýäris. Emma manysyny pikir etmän, tötänleýin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şeýle-de bolsa, minnetdarlyk sözleriniň jadyly häsiýetleri bar. Olaryň kömegi bilen adamlar birek-birege şatlyk, üns we oňyn duýgulary berýärler. Eger-de biz birek-birege öz minnetdarlygymyzy bildirmesek, onda durmuşymyz diýşimiz ýaly bolman, garaňky bolardy.

Dünýäniň ähli dillerinde aýdylýan minnetdarlyk sözi islendik halkyň medeniýeti üçin örän möhümdir. Gaharly wagtyňyz hiç kime minnetdarlyk sözüni aýtmaň! Esasy zat — minnetdarlyk sözleriniň päk ýürekden aýdylmagy. Siz hem dost-ýarlaryňyza öz minnetdarlygyňyzy bildirmek üçin howlugyň!

Mähri HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu