Kiprde koronowirusyň täze görnüşi anyklandy diýip, ýerli alymlar topary habar berýär.
Kipr uniwersitetiniň professory Leontios Kostrikisiň Sigmalive telekanalynda aýdyşy ýaly, täze ştam 25 alamatda tapylan. Ol «delta» bilen birmeňzeş genetik esasa eýe we onuň «omikrona» mahsus mutasiýalary hem bar. Wirusyň täze görnüşi «deltakron» diýlip atlandyrylýar.
«Biz diňe «omikronda» anyklanan mutasiýalary tapdyk — ol başga ştammlardan onuň genomynda 30 hili mutasiýalaryň barlygy bilen tapawutlanýar. Olaryň 10-sy bize mälim» diýip, alym düşündiriş berdi.
Onuň sözlerine görä, СAРС-CоВ-2 täze wersiýanyň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň bermäge entek ir.
«TürkmenGazet».