7-nji ýanwarda paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasyna paýtagtymyzdan baýragyň eýesi bolan zehinli çagalaryň 13-si ýygnandy. Çagalaryň köpüsi ýaş aýdymçylardyr. Olara degişli Şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Baýrak gowşurmak dabaralary welaýatlarymyzda hem geçirildi. Bu baýraga ýurdumyzda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, ýokary döredijilik ukybyny görkezen zehinli çagalaryň jemi 63-si hem-de iki sany çagalar döredijilik topary mynasyp boldy. Baýrak gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň, baýragyň eýesi bolan çagalaryň birnäçesi öz aýdymlaryny ýerine ýetirip berdi.
«TürkmenGazet».