Ýerine ýetirip bilmejek işleriň ýerine ýetirip bilýän işleriňe garşy çykmagyna rugsat berme!
John WOODEN.
Ählimiz hem üstünlik gazanmalymy? Üstünlik gazanmak hökmany şertmi? Durmuşda üstünligiň näme peýdasy bar we ony nädip gazanmaly?
- Ilkinji nobatda haýsy iş bilen meşgullanjakdygyňyzy takyk we anyk kesgitläň! Öňüňizde goýan maksatlaryňyzyň içinden iň esasylaryny saýlaň. Etmeseňem boljak zatlary bir gyra aýryň. Hemişe peýda getirjek zatlar bilen meşgullansaňyz, siz başlan işiňizde hökman üstünlik gazanarsyňyz.
- Siziň üçin häzirlikçe hökman däl zatlar üçin «3 çüý» usulyny ulanmak dogry maslahatdyr. Size tabşyrylyp, soňam netijesi soralmadyk ýumuşlary bir çete goýuň, belki-de bir gün geregi çykar. Birinji sapar soralan zady birinji çüýe, ikinji sapar soralan zady ikinji çüýe we üçünji ýola soralan zady hem üçünji çüýden «asyň». Diýmek, ähli zat düşnükli. Siz şundan soň, üçünji çüýden asylan işler bilen has köpräk meşgullanmaly.
- Gerekmejek zatlar barada hem maglumat almak. Ýöne diňe maglumat almak ýeterlikdir. Siziň diňe wagtyňyzy alyp biläýjek käbir güýmenjelerden wagtynda ýüz öwürmäge synanşyň.
- Iň esasy ýollaryň ýene biri hem zyýanly endiklerden daşda durmakdyr. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, zyýanly endigiň size berip biljek ýeketäk zady zyýandyr. Üstünlige barýan ýolda zyýan bilen gabatlaşmak megerem hiç kim üçin hem ýakymly däl bolsa gerek. Onsoňam, näçe medeniýetli boldugyňça, seniň bilen işleşmäge höwesliler hem şonça kän bolar.
- Elbetde, girdeji gazanmak – siziň baş maksatlaryňyzyň biridir. Ýöne diňe özüňizi bilmäň. Gaýtam bu gylyk siz üçin ýok ýerden mesele döreder. Ýogsa-da bir mesele barmy? Derhal çözmäge çalşyň. Böwetleri näçe ir arçasaňyz, şonça peýdalydyr. Juda maýdaçyl hem bolmaň. Has ownukçyllyk ýersiz ýerden dartgynlyk döreder. Dartgynly ýagdaýda sagdyn pikirlenip bolmaýandygyny düşündirip oturmagyň hajaty hem ýok bolsa gerek. Öz işini gurýan adam üçin bolsa köpräk sagdyn pikir bilen wagt gerekdir.
- Her gün täze zatlary öwrenmek we şahsy kämilligiňizi ösdürmek üçin hökman wagt aýryň. Işleýän ýa-da işlejek bolýan hünäriňiz hakynda köpräk okaň. Bu pudaklardaky tejribeli adamlaryň ýazan kitapdyr makalalaryny yzygiderli okaň. Hemmetaraplaýyn kämilleşjek boluň. Şol sanda sportda hem. Çünki saglyk gojalanyňyzda çeken zähmetiňiziň miwesini görmek üçin gerek bolar. Syýahat ediň, aýlanyň. «Ýatlardan tanyş, tanyşdan bolsa dost tapynyň».
- Telekeçilikde gerek bolaýjak käbir aýratynlyklary öwreniň. Meselem, köpçüligiň öňünde nähili täsirli çykyş etmelidigini bilmek siziň üçin iňňän peýdaly bolar. Mümkinçilik boldugyndan täsirli çykyş edip bilşiňi tejribede synap görüň. Hökman uly ýygnaklarda däl, eýsem, bäş-alty adamyň ýygnanan ýerinde hem bu tejribäni geçirip görüp bilersiňiz. Bu babatda jedelleşmek size peýda berip biler. Garşyňyza birini alyň-da, bir mesele hakynda jedelleşiň. Heriňiz bir pikiriň tarapyny tutuň. Mümkin boldugyndan, başga bir ýoldaşyňyzdan hem şu pursaty wideo ýazgy etmegini haýyş ediň. Şeýlelikde ýüz we el hereketleriňize hem gözegçilik etmäge mümkinçilik alarsyňyz.
- Ruhy taýdan güýçli bolmagy öwreniň. Köpçüligiň psihologiýasy hakdaky kitaplary okaň. Çünki köpçülik bilen işleşmek uly sungatdyr. Bu size ýolbaşçylyk etmekde hem diýseň uly kömek eder.
- Puly maksat hökmünde däl-de, serişde hökmünde görüň. Pul puly çeker. Pul gazanmak esasy maksat bolmaly däl-de, öz işiňi ýola goýmak üçin sebäp bolmaly.
- Hemişe maksatly isle we täzelikleri oýlap tapyjylyk ukybyňyz bolsun. Ýa-da şeýle ukyply adamlar bilen işleşiň. Öwrenen her bir zadyňyzy özüňize bellik ediniň. Belki-de ähli zady akylda saklap bilmeklik hem bir ukypbolsa gerek. Ýöne ýazgy arkaly bellik etmek has peýdalydyr. Her bir belligiň bir gün peýdasynyň degjekdigini asla ýatdan çykarmaň. Maksatlaryňyzy bölümlere bölüň. Şonda has hakykatçyl bolarsyňyz.
Onda näme?! Bada-bat herekete geçiň! Üstünlik eýýäm siziň gapyňyzda. Hany, duruň-la! Biri gapyny kakýan ýaly-la! Bu üstünlik öýdýän!..
Alzira KALANDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.