Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Merkezi Aziýa sebitinde iň uly köpugurly toplum — «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde «Medine Muhammet» öýmeleriniň täze söwda dükany dabaraly ýagdaýda açyldy.
Täze ýyl baýramy hem-de Medinäniň doglan güni täze dükanyň açylyş dabarasyna utgaşdy. Dabarada Türkmenistanyň halk artisti Gözel Öwezowa, ýaşlaryň söýgüli aýdymçysy Mekan Ataýew özleriniň joşgunly aýdymlary bilen gatnaşanlara baýramçylyk ruhuny bagyş etdiler.
«3 dogan öýmeleriň» täze dükanynyň açylyş gününde öýmeler 50 göterim arzanlaşykda boldy. Dabara gatnaşmak üçin ýygnanan mähelläni dagy göräýsäň, «telpegiňi göge zyňsaň, ýere düşmeýär» diýleni. Bu ýerde dürli görnüşdäki, dürli reňkdäki öýmeler özlerini güjeňläp duran ýaly. Has gowusy, geliň suratly görnüşlerde tomaşa edeliň!
«TürkmenGazet».