
Täze ýyl mynasybetli guralan täsinlikleriň birini Hindistanyň Odişe kenarynda hem görmek bolýar. Bu ýerde ýerli suratkeş tarapyndan çägeden äpet Santa Klausyň heýkeli ýasaldy.
«Mail.ru»-nyň habar bermegine görä, suratkeşe bu heýkeli ýasamak üçin 8 sagat wagt gerek bolupdyr. Bu äpet Santa Klausyň uzynlygy 50, ini bolsa 8,5 metre ýetýär. Santa Klausyň reňkli egin-eşigini bezemek üçin bolsa gyzyl bägülleriň 5400 sanysy we ak bägülleriň müň sanysy ulanylypdyr.
«TürkmenGazet».