SliderSport

«Deňizçi» futzal topary — Türkmenistanyň çempiony

29-12-2021 / 12

«Deňizçi» toparynyň futzalçylary Aşgabatda tamamlanan milli Ýokary ligada ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldular.

Iki aýlawly ýaryşda birinjilik ugrunda 8 topar bäsleşdi.

Çempionlygyň ykbaly soňky tapgyrda çözüldi. Onda «Denizçi» topary «Gümrükçi» topary bilen deňme-deň (8:8) oýnap, 35 utuk toplady we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Kopetdag» toparyndan bir utuk öňe geçdi. 21 utuk toplan Döwlet gümrük gullugynyň «Gümrükçi» topary üçünji orny eýeledi.

Milli Ýokary ligada ýeňiji bolandan soň, «Deňizçi» futzal boýunça AFK-nyň 2022-nji ýylda geçiriljek Klub çempionatyna — Aziýa Futbol Konfederasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýän ýaryşa ilkinji gezek gatnaşmaga hukuk gazandy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu