Täze ýylyň iň ýakymly düşünjeleridir-ynançlarynyň biri-de Aýazbabanyň meşhur sugunlarydyr. Garpamygyň, täze ýyl arçasynyň bu baýramyň esasy nyşanlary bolşy ýaly, Aýazbabanyň sugunlary hem baýramyň esasy gahrymanlarydyr.
Sugunlary täze ýyl bilen baglanyşdyrmak hakdaky pikirler ilkinji gezek amerikan şahyry Klark Muruň täze ýyla bagyşlap döreden goşgusyndan soňra peýda boldy. Goşguda Santa Klausuň çagalara sowgat paýlamagynda uçuşy amala aşyrýan sekiz sany jadyly sugunlar beýan edilýär. Şunlukda, bu sugunlar täze ýylyň söýgüli gahrymanlary hökmünde tanaldy. Şondan soňra bu sugunlara mahsus häsiýetler we atlar dürli eserlerde beýan edilip başlandy. Olara dakylan atlar: Dancer, Dasher, Prancer, Comet, Donder, Vixen, Blitzen, Rudolph.
Aslynda, näme sebäpden ähli jandarlaryň arasyndan sugunlar saýlanyp alyndyka?
Maglumata görä, bu ýagdaý ylmy sebäpler bilen baglanyşykly bolup, sugunlar aşa sowuk temperatura uýgunlaşandyr. Olaryň daşky deri-tüý örtügi hem şoňa görä kämilleşen, ýagny daşky ýaramaz şertlerden gorap saklaýar. Beýlekilerden tapawutlylykda, olarda iki gat sütük örtük bolup, ol sowuk howany ýylatmak üçin izolýasiýa döredýär. Şeýle-de, olaryň görüjiligi hem gowudyr, çünki demirgazyk sebitde gündiz döwürleri belli bir derejede azdyr. Olar ultramelewşe şöhlelerini hem görüp bilýärler. Bu duýgy ukyby guşlary we mör-möjekleriň käbirine mahsus bolup, sugunlar bu ukyby ösdüren süýdemdirijilerdir. Bulardan başga-da, sugunlar sowuk howada örän uzak aralygy geçmeklige (bir günde 55-80 km) hem ukyplydyrlar.
Şol nukdaýnazardan hem sugunlar Aýazbabanyň ýakyn ýardamçylary bolmak bilen, Täze ýylyň hem söýgüli gahrymanlarydyr.
Aýgözel WELIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.