Häzir uklasaň, elbetde, arzuwlaryňy düýşde görersiň! Eger ukynyň deregine okuwy saýlasaň, arzuwlaryňy durmuşda görersiň!
Okamak — wagtlaýyn zat.
Bilmezlik — ebedi.
Okamak — bu wagt sarplamak däl.
Okamak — hereket etmek.
Haçan-da, sen “indi juda giç” diýseň, aslyýetinde entek ir…
Kynçylykdan we dyngysyz hereketden lezzet al.
Durmuş diňe okamakdan ybarat däl. Durmuşyň diňe şu bölegini ýeňip geçmeseň, sen näme başaryp bilersiň?
Elbetde, hemme zada ýetişmek mümkinçiligi hemme kişä berilmändir. Ýöne üstünlik öz üstünde işläp bilýänlere we meseläni tiz çözüp, çykalgany çalt tapýanlara ýarandyr.
Eger sen bu gün pyýada ýöremegi islemeseň, ertir ylgamaga mejbur bolarsyň!
Hakyky adam — özüniň geljegi üçin bähbitli iş etmegi başarýan adam.
Unutma! Bu gün hiç wagt dolanmaz!
Seniň gazanýan girdejiň — alan bilim derejäňe proporsional.
Häzir hatda duşmanlaryň hem kitap okaýar.
Hiç bir kynçylyksyz maksadyňa ýetip bilmersiň!
Gözel BAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.