Ähli adamlaryň durmuş ýolunda bolşy ýaly, meşhur adamlaryň durmuşy hem çarkandakly ýollardan başlanýar. Yhna, Fransiýanyň iň meşhur brendleriniň biri bolan «Chanel» modalar öýüni we «Chanel No.5» belgili atyry esaslandyryjy, tanymal zenan Gabriella Boner (Coco) Şaneliň ömür ýoluna ser salsak, oňa durmuşda şeýle uly meşhurlyga ýetmegiň aňsat düşmändigini görmek bolýar.
Garyplykda geçen çagalyk ýyllary, ejesinden mahrum bolmagy Şanelde berk tutanýerli häsiýetiň kemala gelmegine esas bolupdyr. Onda dünýä belli meşhur adamlaryň derejesine ýetmek arzuwy çagalygyndan döräpdir. Ol 18 ýaşyna ýetende egin-eşik dükanynda kömekçi bolup işläp ugraýar, boş wagtlary bolsa aýdym aýdypdyr. Şanel esasy «Ko Ko Ri Ko», we «Qui qua vu Coco» atly iki aýdymy has köp aýdar eken. Şol aýdymlardaky «Coco» sözi soňra onuň adynyň yzyna lakam bolup goşulýar. Birnäçe wagtdan geçenden soň, Şanel Parižde öz ilkinji egin-eşik dükanyny açýar. Ol ýerde Şaneliň hut özüniň tikýän köýnekleri satylypdyr. Oňaýly we rahat eşikleri hödürleýändigi sebäpli, ol tizden müşderileriň uly söýgüsini gazanypdyr. Şeýlelikde, onuň durmuşyna meşhurlyk aralaşyp ugraýar.
1919-nji ýylda ýol heläkçiliginde özüne hemaýatkär hökmünde ýardam beren gowy dostunyň aradan çykmagy sebäpli Şaneliň durmuşyna we modalar öýüne «garalyk» aralaşýar. Şondan soň ol gara reňkde täsin tikilen ilkinji köýnegini döredýär. «Gara reňkli kiçijik köýnek» diýlip atlandyrylan bu täsin brend häzirki wagtda dünýäniň ähli künjünde meşhurdyr.
Esli wagtdan soňra Şanel parfýumeriýa önümçiliginiň hünärmeni Ernestom Bo bilen tanyşýar. Ol Şanele atyr döreder ýaly birnäçe ýakymly yslary hödürleýär. Şanel olaryň arasyndan bäşinji gezekde ysgan atyr ysyny has halaýar we öz adynyň yzyna bäşlik sanyny goýup, biziň häzirki bilýän «Chanel No.5» belgili atyryny döredýär.
1953-nji ýyldan soň onuň döredýän önümleri ABŞ-da, soňra beýleki ýurtlarda-da uly meşhurlyga eýe bolyp ugraýar. Bu günki günde bolsa Coco Şaneli dünýä ýüzünde tanamaýan ýok bolsa gerek. Hawa, bu zenan irginsiz zähmeti, işine bolan söýgisi, meşhur bolmak baradaky arzuw-islegleri ahyry wysal bolýar. Özi üçin beýik durmuşy döretmegi başaran Coco Şanel şeýle diýýär: «Hemişe poçta markasy ýaly bol, bir zada ýapyşdyňmy, tä maksadyňa ýetýänçäň ondan aýrylma». Onuň döreden «Chanel No.5» atyry 80 ýyldan gowrak wagt bäri dünýäde biçak uly brendiň we ýörgünli harytlaryň biri saýylýar.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.