Ýylymyzyň jemini hem dünýä halklaryna goýýan hormatymyzy görkezýän hereketimiz bilen jemlemäge nähili garaýaňyz?! Munuň üçin daşary ýurtly tanyşlarymyzy, hatda birek-biregi ene dilimiz bilen birlikde, dünýä dilleriniň käbirinde hem gutlalyň!
Ilki bilen köpimize tanyş bolan rus dilinden başlalyň. Rusça täze ýyly gutlamak üçin «S nowym godom!» diýen gutlagy aýtmalydygyny bilmeýänimiz megerem ýok bolsa gerek. Iňlis dilindäki «Häppi nýu ýea!» gutlagyny hem köp kişi, hususan-da ýaşlaryň aglaba bölegi bilýändirler. «Ýeni ýylynyz kutlu olsun!» ýa-da «Mutlu ýyllar!» diýip gutlasaňyz, türk doganlarymyzy, şonuň bilen birlikde, türk dilini bilýän dost-ýarlaryňyzy hem begendirseňiz gerek.
Eger ispança gepleýän ýa-da şol dili bilýän tanşyňyz bar bolsa, sizem onuň Täze ýylyny gutlamak isleseňiz, onda «Feliz Nawidad!» diýmek ýeterlik. Ýöne ýekeje duýduryş, eger tanşyňyzyň asly Barselonadan, Meksikadan ýa-da Buenos-Aýresden bolsa, siz «Feliz aňo nuewo!» diýmeli bolarsyňyz. Bary-ýogy ikije sözi: «Bonne annee» diýmegi öwrenseňiz bolsa, siz 30-dan gowrak fransuz dilli halklaryň wekilleriniň Täze ýylyny gutlap bilersiňiz.
Nemesçe «Frohes Neues Jahr!», italiýança «Buon anno!» ýa-da «Felis anno Nuowo!», hytaýça «Hinnian Kuaile!», hindiçe «Naýa saal mubaarak ho!», arapça «Atamanna laka sanah gadiýdah saiýdah!» ýa-da «Kol aam wa antom bkhair!», taýça «Sa was dee pee mai!», ýaponça «Akemashite omedeto gozaimasu!», afrikança «Heri kwa mwaka mpya!».
Ýürekden çykan söz ýürege bararmyş. Bu gutlagyňyzy eşidip, daşary ýurtlular-a özlerine goýýan hormatyňyza monça bolarlar. Öz ildeşlerimizem siziň tüýs ýürekden çykan gutlaglaryňyza ýylgyrmak bilen jogap bererler. Şol ýylgyryşlaram ýürekleri ýyladyp, dost-doganlyk daragtynyň köklerini has-da berkider. Täze ýylyňyz mübärek bolsun!
Daniýar SOLTANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Ýer ulanylyşy hünäriniň talyby.