SliderTagamlary taýýarlamak

Baýramçylyk saçagy: wagtyňyzy hem harajadyňyzy tygşytlajak işdäaçar

25-12-2021 / 30

Mähriban okyjylar! Biz siziň täze ýyl saçagyňyza baýramçylyk işdäaçarlarynyň ýene-de birini hödürleýäris. Wagtyňyzy-da, harajadyňyzy-da tygşytlajak bu işdäaçaryň tagamynyň siziň göwnüňize ýarajakdygyna ynanýarys!

Gerekli önümler:

1 bölek towugyň döş eti;

1 sany ulurak gaýnadylan käşir;

2 sany orta ululykdaky gaýnadylan kartoşka;

80 gram duza ýatyrylan hyýar;

80 gram marinada ýatyrylan kömelek;

120 gram peýnir;

Işdäaçarymyzy owadan görnüşde saçaga bermek üçin ýörite niýetlenen galybyň aşagyna ilki bilen gyrgyçdan geçirilip, az mukdardaky maýonez bilen garylan kartoşkamyzy goýýarys. Indiki gatymyz maýdajyk dogralan hyýar bolmaly. Soňra gaýnadylan towuk etimizi hem şol şekilde dograp, hyýaryň üstünden ýerleşdirmeli. Üstüne azrak maýonez çalmaly. Soňra maýdajyk dogralan kömelegi, ondan soň gyrgyçdan geçirilen käşiri ýerleşdirmeli. Iň ýokarsyna peýniri gyrgyçdan geçirip sepelemeli. Mähriban gelin-gyzlar! Siz bu işdäaçara suratdaky görnüşde owadan bezeg berip bilersiňiz! Noş bolsun!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu