SliderŽurnalistiň sahypasy

Halkara sowgat güni

25-12-2021 / 21

Beýik Britaniýada Sowgat güni 26-njy dekabrda — Roždestwodan bir gün soň bellenilýär. Sowgat güni — resmi dynç güni. Bu bolsa her kimiň ýakynlary bilen wagt geçirmek üçin ýyly pursatlardan lezzet alyp biljekdigini aňladýar. Şeýle-de Sowgat güni diňe bir Angliýada däl, eýsem, Awstraliýada, Kanadada, Täze Zelandiýada-da bellenilýär. Şonuň üçin hem bu baýramçylyk halkara baýramçylygy diýlip atlandyrylýar.

Sowgat gününiň gelip çykyşy bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlar hem bar. Baýramyň gelip çykyşynyň 26-njy dekabr diýip saýlanylmagy tötänleýin däl bolsa gerek. Gadymy döwürlerde pul sadakalaryny bermek, Roždestwodan bir gün soň gutulary açmak, haýyr-sahawatlary we sowgatlary gutulara gaplap, mätäçlere paýlamak däp bolandygy üçin bu baýramçylygyň ady sowgat güni diýlip atlandyrylypdyr. Iňlisler Sowgat gününi Roždestwo bilen deňeşdirýärler. Angliýada bolsa bu dynç alyş arzanladyş möwsüminiň açylyşyny alamatlandyrýar.

Geçen asyrda sowgat güni resmi baýramçylyga öwrüldi. Iki dynç alşyň — Roždestwo we Sowgat gününiň utgaşmagy maşgalalaryň Täze ýyl baýramçylygyna ýygnanmak däbini has-da güýçlendirdi.

Akmuhammet BAÝLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu