HabarlarSlider

Koronowirusyň «omikron» görnüşine garşy göreş güýçlenýär: arkaýynlaşmaly däl!

22-12-2021 / 11

Häzirki wagtda bütin dünýäde koronowirusyň täze «omikron» görnüşi çalt depginler bilen ýaýraýar. Ähli ýurtlar serhetlerini ýapýarlar, karantin şertlerini berkidýärler, kesele garşy göreşi pugtalandyrýarlar. 21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynyň esasy gün tertibi hem şular hakda boldy.

Iş maslahatynda häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hasabatlarda aýdylyşy ýaly, ýiti öýken sowuklamasy ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi hem-de bu keseliň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Zerur waksinalar satyn alnyp, häzirki döwürde hem ilata sanjym geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtady. Sebäbi häzirki döwürde köp ýurtlarda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleri, hususan-da, «omikron» görnüşi ýaýrap başlady. Bu ýokançlaryň ýurtdan-ýurda ýaýramagynyň ýollary bellidir, olar adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýar. Şoňa görä-de, adamlar ýurdumyza gelende, şeýle hem harytlar, şol sanda azyk önümleri ýurdumyza getirilende, nähili gorag çäreleriniň görülýändigine garamak üçin maslahat geçirmek kararyna gelindi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz ýokanç kesellere garşy öňüni alyş işlerini güýçlendirmek boýunça mundan hem beýläk zerur çäreleri geçirmek maksady bilen şu tabşyryklary berdi:

  • Ýurdumyzyň bazarlarynyň we söwda nokatlarynyň halkymyzyň gündelik sarp edýän azyk harytlarynyň üpjünçilik ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly.
  • Ýurdumyz boýunça azyk harytlaryň ätiýaçlyk gorlary baradaky maglumatlary yzygiderli seljermeli, olaryň ýeterlik möçberini goramak boýunça dahylly ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýerine ýetiriji häkimlikleriň we ýerli edaralar bilen bilelikde zerur bolan işleri geçirmeli.
  • Daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän azyk harytlarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda, zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilmegini berk gözegçilikde saklamaly.
  • Daşary ýurt döwletlerinden ýurdumyza getirilýän azyk harytlarynyň gümrük amallarynyň bellenilen kadalaryna laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini hem-de tiz wagtda bazarlara we söwda nokatlaryna gowuşmagyny üpjün etmek boýunça dahylly ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimlikler we ýerli edaralar bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmaly.
  • Aşgabat şäherine gelýän, welaýatlara garaýol ugry boýunça hereket edýän barlag-goýberiş nokatlaryndan geçýän azyk harytlaryny alyp barýan ýük awtoulaglarynyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň kabul edýän düzgünlerine laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmeli.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu