Hemmämiziň uly sabyrsyzlyk biren garaşan Täze ýyl baýramçylygy golaýlap gelýär. Bu baýramçylykda her kim bir täsinlige eýe bolmagy arzuwlaýar, ýagny çagalar Aýazbabadan sowgada garaşsa, öý bikeleri owadan täze ýyl saçagyny bezemäge ýykgyn edýärler. Emma bu ajaýyp baýramda owadan we döwrebap geýinmegi-de unutmaly däldiris!
Bilşimiz ýaly, her Täze ýyly özüne kybap reňki we egin-eşigi bilen garşylamak halklaryň arasynda indi ýoň bolan. Täze 2022-nji — bars ýylyny nähili egin-eşikde garşylamak barada astrologlar we stilistler şeýle maslahat berýär:
— Täze ýyly garşylaýyşda gelin-gyzlar dürli hili bol bezegler bilen bezelen, şeýle hem hiç hili zol-zol kesigi bolmadyk (poloskasyz), çişip duran eşikleri geýseler gowy bolar.
— Köýnekleriň ýeňleri çişirilen görnüşde tikilen bolmagy maslahat berilýär.
— Astrologlaryň aýtmaklaryna görä, erkeklere owadan kastýumlary geýinmegiň tüýs wagty geldi.
— Mata saýlanyňyzda bir reňkli pombarhtlara, mahmala, organzelere ýykgyn etmek zerur. Aksessuarlaryňyzyň hem ýylpyldyly, lowurdap duran bolmagy gerek. Meselem: gyzyl we göwher ýa-da hili gowy bolan bižuteriýalar.
— Deriden we ýüňden edilen, şeýle hem menekli eşiklerden saklanyň!
— Dürli hili bezeg demirleri bolan gaýyş aýakgaplary we inli guşaklyklary saýlaň!
Täze ýylyň reňki barada gürrüň gidende gök reňk saýlanan. Stilistleriň aýtmaklaryna görä, lawandanyň owadan gök reňkine ýakyn bolan bu reňk her kime-de owadan gelişer.
Merjen KADYROWA.