SliderŽurnalistiň sahypasy

Puluňy tygşytlamagyň 3 usuly

21-12-2021 / 17

«Tygşytlamak» sözi bize hemişe ýakymly eşidilýär hem-de bizi gerekmejek harçlardan gaça durmaklygy aňladýar. Siz bu maslahatlaryň üsti bilen puluňy tygşytly ulanmagyň aňsatdygyna göz ýetirersiňiz.

Arzanladyşlar we aksiýalardan peýdalanyň

Elbetde, söwda etmekligi hiç kim gadagan etmeýär, emma oňa bolan garaýşyňyzy üýgetmeli bolýarsyňyz.Dürli söwda merkezlerindäki arzanladyşlar we aksiýalary yzarlaň. Geýim-gejim almak üçin online söwda merkezlerini görmek maslahat berilýär.

Çykdaýjylar gündeligini dolandyryň

Puluňy tygşytly ulanmaklyk ýörite niýetlenen gündeligi ýöretmek bilen başlanýar. Bu ýönekeý bir depderçe ýa-da telefonyňyzdaky programma bolup biler. Esasy zat özüňiziň girdejileriňizi we çykdajylaryňyzy şol depderçäňize ýa-da telefonyňyzdaky programma bellik etmäni unutmaň. Şonda siz öz býujetiňizi we pullaryňyzyň nirä sarp edilýändigini anyklap bilersiňiz. Siz iýmitiňize näçe sowanyňyzy, haýsy harçlamalaryň artykmaçdygyny we girdejiňiziň näçe möçberini dynç alyşa aýyryp goýmalydygyňyza göz ýetirersiňiz.

Alternatiw azyk önümlerini saýlap alyň

Azyk önümleri biziň çykdajylarmyzyň iň möhüm bölegidir. Azyk önümlerinde örän tygşytly bolmagyň zerurlygy ýok, sebäbi biziň hem-de ýakynlarymyzyň saglygy, gündelik ulanýan iýmitimiziň hiline bagly bolup durýar. Ýöne käbir gymmat bahaly nygmatlary şoňa deňdeş arzan bahaly nygmatlara çalşyryp bilersiňiz.Ýerli azyk önümlerine üns beriň hem-de möwsümleýin gök önümleridir ir-iýmişleri almaga çalyşyň. Harçlamagyň şeýle ýoly bilen siz diňe puluňyzy tygşytlaman, eýsem, öz naharsanawyňyza täze tagamlary hem goşup bilersiňiz.

Merjen BAÝRAMGYLYJOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu