Awstraliýaly orator Bill Nýumanyň aýtmagyna görä, adamlar üstünlige ýetmek üçin olaryň adatdan daşary güýçleriniň bolmagy hökmany şert däl. Onuň bize hödürleýän 8 sany usulyny her bir adam ýerine ýetirip hem-de durmuşa geçirip biler.
1. Öz pikirleriňiziň eýesi boluň!
Eger-de siz özüňizi has tankyt ediji bolsaňyz we men bu işi başarmaryn, meniň işim ugruna barmaz diýip ynandyrsaňyz, ol şeýle hem bolar.Emma siz özüňizi men hemme zady başararyn diýip ynandyrsaňyz, siz tabşyryklary ýerine ýetirip bolýan we ýerine ýetirip bolmaýan diýen toparlara bölmän, ýerine ýetiren tabşyryklarym we ýerine ýetirmeli tabşyryklam diýen toparlara böleniňizde üstünlige ýetersiňiz.
2. Öz öňüňizde anyk maksatlar goýuň!
Maksadyňa ýetmek üçin meýilleşdirmegiň örän möhüm orny bar. Maksatlaryňyzy iň möhümden has az möhümli diýen tertipde ýerleşdiriň. Her bir ýetilen maksadyňyzy bellik ediň.
3. Öz aýdýan sözleriňize üns beriň!
Bu maslahat birinji bilen baglanyşykly bolup, oýun edip hem özüňiz hakynda negatiw gürlemäň. Şeýle ýagdaýda negatiw pikirler sizi terk etmeýär we siziň şahsyýetiňiziň bir bölegi bolup biler. Bular ýaly ýagdaýlardan gaça duruň.
4. Şowsuzlyklary we kynçylyklary ýeňip geçiň!
Kynçylyklardan gorkmaň. Eger bular ýaly ýagdaý bolaýan ýagdaýynda, ony gowy gözden geçiriň we onuň çözgüdinde diňe özüňiz üçin däl-de, hemmeler üçin bähbitli taraplaryna serediň.
5. Işläniňizde pikirlenip işläň, güýçli depgin bilen däl!
Paretiň kanunyna laýyklykda, işiň mukdaryna kowalaşmaň-da, hiline üns beriň!
6. Garaşylýandan köp işläň!
Sizden garaşylýan netijeden has ýokary netije görkeziň. Muny ýerine ýetirmek üçin siz jogapkärli we sabyrly zähmet çekmeli bolýarsyňyz.
7. Çydamly boluň!
Ýadyňyzdan çykarmaň, boýun egmek üçin hemişe irdir. Siz hemişe dowam etmek üçin özüňizde güýç tapyp bilersiňiz ýa-da öwrülip hiç zatsyz gidip bilersiňiz!
8. Höwesli boluň!
Siz öz işiňize yhlasly ýapyşmasaňyz, üstünlige ýetip bilmersiňiz. Güýçli höwes üstünlige ýetmegiň ugrukdyryjysydyr.
Merjen BAÝRAMGYLYJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Tasirli makala!!!
Gaty gowy 👍👍👍👍