HabarlarSlider

2021-nji ýylyň parlak ýyldyzy belli boldy

18-12-2021 / 16

Şu gün, 18-nji dekabrda ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» atly telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Netijede, ýaşlaryň söýgüli aýdymçysy, BEGO ady bilen meşhurlyk gazanan Begenç Çaryýew ýylyň parlak ýyldyzy boldy.

«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigini Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti geçirýärler. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşige zehinli aýdymçy ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy. Bu günki jemleýji tapgyra bolsa, olaryň iň zehinlileriniň diňe 10-sy hukuk gazandy. Jemleýji tapgyr «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirildi.

TurkmenGazet

Bäsleşige gatnaşyjylar ýaryşyň şertine görä, iki aýdymy ýerine ýetirdiler, şolaryň birini eminleriň ýaşlaryň sesiniň arassalygyna we gözelligine, seslerine erk edip bilşini hem-de diňleýjiler bilen özara ýakyn gatnaşyklara girip biliş ukyplaryna doly derejede baha bermegi üçin sazsyz ýerine ýetirdiler.

TurkmenGazet

Birnäçe sagadyň dowamynda aýdym-saz bäsleşigi dowam edip, her  bir çykyşdan soň, meşhur artistler öz pikirlerini aýtdylar hem-de ýaş kärdeşlerine maslahatlaryny berdiler. Tomaşaçylaryň SMS habarnamalarynyň üsti bilen iberen sesleri sanaldy. Gatnaşyjylaryň işjeňligi hem göz öňünde tutuldy. Netijede, bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi.

Şu ýyl «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginde halka öňden tanyş bolan aýdymçylar — 3-nji orna Baýramhan Saparow, 2-nji orna Bahar Annaýewa, 1-nji orna Rüstem Hallyýew mynasyp boldy. BEGO ady bilen has meşhurlyk gazanan BEGENÇ ÇARYÝEW bolsa, baş baýragyň eýesi hasap edildi, has dogrusy, 2021-nji ýylyň parlak ýyldyzy boldy. Geçen ýylyň parlak ýyldyzy Leýli Ökdürowa buýsanç bilen göçme kubogy bu ýylky eýesine gowşurdy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaby, gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

TürkmenGazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu