BMG-niň baýramçylyklar ulgamynda 18-nji dekabr — Arap diliniň güni hasaplanylýar.
«Dil we medeni köpdürlüligi öňe sürmek hem-de berkitmek» maksady bilen, BMG-niň alty resmi diliniň hersiniň Halkara gününi bellemek karary BMG-niň Jemgyýetçilik Maglumatlar bölümi tarapyndan 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda kabul edilipdir. Alty dil gününiň her birini bellemegiň maksady, agza döwletleriň we Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň we işgärleriniň arasynda bu dilleriň hersiniň taryhy, degişli medeniýetleri we ösüşi barada habarlylygy ýokarlandyrmakdyr.
BMG-niň Baş Assambleýasy 1973-nji ýylyň 18-nji dekabrynda 28-nji mejlisinde «Arap dilini Baş Assambleýanyň resmi we işleýän dillerine girizmek barada» karar kabul etdi. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 190-njy mejlisinde Marokkanyň, Saud Arabystanynyň we Liwiýanyň teklibi bilen 18-nji dekabr arap diliniň bütindünýä güni hökmünde tassyklandy.
Arap dili semit maşgalasynyň iň köp ulanylýan dili we dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň biridir. Bu dilde 422 milliondan gowrak adam gürleýär. Yslam dinine uýýanlar üçin arap dili möhümdir, musulmanlaryň sany bir ýarym milliarddan geçýär, sebäbi yslam kanunçylygynyň iki esasy çeşmesiniň dili: «Kurany Kerim». Arap dili gadymy yslam hikmetiniň hazynasydyr. Şahyrlar, filosoflar we alymlar diliň güýjüne we gözelligine esaslanyp, adamzadyň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdular.
Arap dilinde beýleki dillerden alnan düşünjeler we sözler gaty az. Bu bolsa arap diliniň söze baýlygynyň subutnamasydyr. Ispan dilindäki sözleriň 10%-den gowragy arap sözleriniň köklerine eýedir.
Habar berlişi ýaly, şu ýylyň 14-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň arap ýazuwyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizendigini aýratyn bellärliklidir.
Babanazar RAHMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.