SliderTagamlary taýýarlamak

Täze ýyl saçagyna: «BARS» işdäaçary

17-12-2021 / 22

Gerekli önümler:

  • 350 gram towuk döşi;
  • 3 sany käşir;
  • 4 sany ýeralma;
  • 4 sany ýumurtga;
  • 3 sany hyýar;
  • 5 düýp ýaş sogan;
  • 50 gram zeýtun;
  • maýonez.

1. Ilki bilen towuk döşüniň, käşiriň, ýeralmanyň, ýumurtganyň her birini aýratynlykda gaýnatmaly. Soňra towuk döşüni dogramaly, galan önümleri bolsa gyrgyçdan geçirmeli.

2. Hyýary, ýaş sogany, zeýtuny hem ownuk dogranyňyzdan soň işdäaçary gaplara ýerleşdirip başlabermeli.

3. Ilki bilen ýeralmany bir gaba goýup, oňa barsyň kellesiniň şekilini bermeli. Üstüne maýonez çalyp, ýaş sogany, ýene maýonez çalyp, towugyň döşüni goýuşdyrmaly. Şeýdip, her gatyň arasyna maýonez çalyp, hyýary, ýumurtganyň sarysyny we käşiri goýuşdyrmaly. Käşir işdäaçaryň iň ýokarky gatlagy bolansoň, ony endigan edip ýerleşdirmeli.

 

 

4. Soňra bolsa, ýumurtganyň agyndan suratdaky şekilde barsyň gözüni we agzyny ýasamaly. Gözleriniň göreçleriniň ýerine ýaş sogan, diliniň ýerine bolsa käşiriň bölejigini goýmaly. Gulaklaryny hem-de ýüzündäki gara tegmillerini ýasamak üçin zeýtun bölejiklerini, murtjagazlarynyň ýerine bolsa peýniriň uzynja dilimlerini ulanyp bilersiňiz.

 

Bezeg işlerini tamamlanyňyzdan soň işdäaçary 3-4 sagatlyk sowadyja salmaly. Ynha, indi bars şekilli işdäaçarmyz täze ýyl saçagyny bezemäge taýyn. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

TürkmenGazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu