Koronowirusy diňe sanjym arkaly ýeňmek kyn düşýär. Bu hakda BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterriş 16-njy dekabrda bolan ýylyň jemlerine bagyşlanan wideogörnüşdäki metbugat maslahatynda mälim etdi.
Ol: «CОVID-19 çekilenok we güýçden gaçanok. Pandemiýany diňe waksinalar bilen ýok edip bolmaýandygy aýan boldy» diýdi.
Şonuň bilen birlikde, onuň aýtmagyna görä, waksina alanlar keselhanada ýatmagyň we ölümiň öňüni alýarlar, şeýle-de wirusyň ýaýraýşyny peseldýärler. «Muňa seretmezden, näme üçindir, kesel azalyberenok» diýip, Baş Sekretar çykyşynda aýtdy.
Guterrişiň sözlerine görä, infeksiýanyň bütin dünýä ýaýramagynyň dowam etmegine waksina görnüşleriniň deňsizligi, adamlaryň waksina almak islemeýändigi, şeýle-de «hatyrjemlik» sebäp bolýar. Ol ähli döwletleriň işjeň ýagdaýa geçmegine we ýylyň ahyryna çenli dünýä ilatynyň, iň bolmanda 40 %-ini sanjym almaga çagyrdy.
TürkmenGazet.