15-nji dekabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.
Sekiz burçly hem-de «2022» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu ýerde her ýyl Täze ýyl dabaralary guralýar.
Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 metre, göwrümi bolsa 16 metre deňdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Aşgabatdaky Baş arça GDA ýurtlarynyň paýtagt şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda beýikligi boýunça birinji orny eýeläp gelýär.
Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlarda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalardaky, şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.
TürkmenGazet.