HabarlarSlider

Koronowirusa garşy waksinany tapan alymlar «2021-nji ýylyň gahrymany» adyna eýe boldular

16-12-2021 / 18

Dünýä meşhur «Time» žurnaly koronowirus infeksiýasyna garşy waksinalary işläp taýýarlan alymlara «2021-nji ýylyň gahrymany» diýen ady berdi.

Žurnalyň sahypalarynda bu ada eýe bolanlaryň sanawy yglan edildi. Olar: Germaniýanyň «BioNTech» kompaniýasynyň wise-prezidenti Katalin Kariko, amerikaly immunologlar Barni Grem we Kizzmekiýa Korbett (olar Amerikanyň «Moderna» kompaniýasy bilen bilelikde waksina döretdiler) we alym Drýu Waýssman («Pfizer»/«BioNTech» bilen bilelikde waksina döretdi).

— Bütin dünýäniň halkyna «COVID-19»-a garşy ýarag beren bu alymlar biziň indiki duş geljek kynçylyklarymyza garşy hem «galkan» ýasap bererler — diýip, «Time» žurnalynda habar berilýär.

TürkmenGazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu