15-nji dekabrda BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligi Özbegistanyň Termiz şäherindäki Ýük daşaýyş merkeziniň üsti bilen Owganystana ynsanperwer kömegi ýüklenen maşynlaryny ugratdy. Ýüküň düzüminde 40 tonna zerur serişdeler bar.
Agentligiň uly maslahatçysy Frank Remusyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda millionlap owgan halkynyň azyk-owkat üpjünçiliginden mahrum bolup, gazaply gyşa taýýarlyksyz bolan pursatynda ýurtda ynsanlaryň ömrüni saklap galmak üçin gyssagly ýardam bermek zerur.
TürkmenGazet.