2022-nji ýylyň baharynda Hazaryň daşyndan motoýöriş geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Azerbaýjana sapary wagty teklip etdi. Motoýörişi ilki Azerbaýjan kabul eder. Soňra olar Eýrana, Türkmenistana we Gazagystana geler.
Gubernator geljekki motoýörişiň Hazaryň dostluk we goňşuçylyk sebitdigini ýene bir subut eder diýip ynam bildirdi.
TürkmenGazet.