Belki, şeýle ýagdaýlar sizde-de bolandyr?!
Hormatly goňşular! Haýyş, musorlarymy ogurlamaň! Menem köçä çykmak isleýän ahyryn!
***
Karantin sebäpli ýapylan mekdebiň direktoryna Bike daýzadan hat geldi: «Meniň agtyklarym öýde onlaýn režimde okuw okaýarlar. Şu sebäpli mekdep ýolbaşçylaryndan maňa remont, tutular we mebel üçin pul geçirmeklerini talap edýärin!»
***
Karantin asla içgysgynç däl. Ýöne meni başga zat oýlandyrýar. Näme üçin bir paketdäki 1 kg tüwi – 2789 däne, a ikinjisinde – 2804 dänekä?!
***
«Karantin, karantin diýip bizar etdiňiz. Karantiniň nämedigini sizler nirden biljek diýsene?!» diýip, 27 ýyl adam aýagy sekmedik adada ýaşan Robinzon Kruzo gygyrdy.
TürkmenGazet.