DÖREDIJILIK PREMÝERASY!
Ýaş şahyryň bu goşgusy ilkinji gezek okyjylar köpçüligine hödürlenýär.
Çepbesine çöwrülipdir pikirlem,
Ýitip barýan dar paltomyň içinde.
Häzir asla peýda bolmaz şükürden,
Sensizligiň jesedi bar içimde.
Pikrim kesek gysan gawun mysaly,
Ýemşik-ýumşuk, alga alar ýaly däl.
Wysala duşmadyk söýgi däl bu dert,
Söýgä öwrülmedik bir gysym hyýal.
Haýkyrşymy hiç kim görmez, eşitmez,
Hem köpleň aňynda bolaryn şerçi.
A men bulaň hiç biri däl ýöneje
Seň dünýäňde ýaşap ýören halyma,
Seň dünýäňi yzlap ýören ötegçi.
Halas ediň gursagymy açyňda,
Sensizligiň jesedi bar içimde.
Maksatmyrat ÇARYÝEW.