14-nji dekabrda Türkmenistan goňşy Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy. Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, jemi 1 müň 200 tonna barabar bolan ynsanperwer ýükler, esasan, azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, 20 wagon nebit önümlerinden ybarat.
Ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 10-njy dekabrdaky Buýrugyna laýyklykda ugradyldy. Türkmenistan Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmeginiň, syýasy we diplomatik gatnaşyklary diňe parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Ýükleri kabul ediş dabarasyna Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti, owgan tarapyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Şer Muhammad Abbas Stanikzaý, Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Yslamjar, şeýle-de Owganystanyň beýleki degişli pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Ynsanperwerlik kömegini gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň, türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan Owganystanyň Akina şäherçesiniň täze metjidinde hem-de Turgundy şäherçesinde sadakalar berildi.
TürkmenGazet.