Türkmenistanly relýef heýkeltaraşlygynyň ussady Aleksandr Kaşirskiý Fýodor Mihaýlowiçiň bürünç portretini döretmek boýunça işini tamamlady. Relýef heýkeli Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan sergide görkezildi.
Bellemek gerek, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň 200 ýyllygynyň şanyna ÝUNESKO-nyň karary bilen 2021-nji ýyl «Dostoýewskiniň ýyly» diýlip yglan edildi.
— Döredijilik işime dünýä ensiklopediýasyndan bir parça goşmagym tötänden däldir: «ÝUNESKO-nyň maglumatlaryna görä, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekili Dostoýewskiý dünýäde iň köp okalýan ýazyjylaryň biridir». Men onuň eserlerini elmydama höwes bilen okaýardym, «Garyp adamlar» romany meniň üçin iň ajaýyp eserleriniň biri bolmagynda galýar. 70-nji ýyllarda men Sankt-Peterburgda Fýodor Dostoýewskiniň aramgähine baryp gördüm, ol ýerde ýazyja bürünçdir granitden taýýarlanan heýkeltaraşlyk ýadygärligi oturdylypdyr. Eserlerimiň birini Fýodor Mihaýlowiçe bagyşlamak islegi, belki-de şonda dörändir — diýip, heýkeltaraş gürrüň berýär.
TürkmenGazet.