Türkmen türgenleri Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda çykyş edýärler. Ýaryşyň ikinji güni 11 döwletden 13 zenan türgen 49 kg çenli agramda bäsleşdiler.
Türkmen sport janköýerleri 2018-nji ýylyň dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewanyň üstünlikli çykyşyna garaşýardylar.
Başlangyç ilkinji synanyşykda Ýulduz Jumabaýewa 76 kg ştangany diňe ikinji gezekde göterip, silterläp götermekde kiçi bürünç medal eýeledi. Kiçi kümüş medal ugrunda jemleýji synanşykda ol dört ýyl mundan ozalky netijesinden 3 kg az göterdi.
TürkmenGazet.