Habarlar

Ildeşlerimiz halkara fotobäsleşiginde üstünlik gazandylar

08-12-2021 / 13

Aşgabadyň «Ferula» fotokluby dürli ýurtlaryň milli fotosurat federasiýalaryndan ybarat FIAP-niň (fr. Fédération Internationale de l’Art Photographique), ÝUNESKO-nyň ýanyndaky fotograflyk sungatynyň Halkara federasiýasynyň (Häzirki wagtda bu guramanyň bäş yklymda ýerleşýän 85-den gowrak milli assosiasiýasy bar) we PSA-nyň (Photographic Society of America), Amerikanyň fotograflar jemgyýetiniň howandarlygynda II Halkara fotosalonyny geçirildi.

II Halkara fotobäsleşik üçin suratlaryň kabul edilip başlanandygy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda habar berildi. Işler dört ugur boýunça kabul edildi: erkin temadan reňkli surat, erkin temadan reňksiz (akly-garaly) surat, duýgular we dünýäniň şäherleri. Her ugur üçin FIAP-niň, PSA-nyň, IS-iň we «Ferula» foto klubunyň altyn, kümüş, bürünç medallary, şeýle hem hormat lentalary we eminiň saýlany (emin agzalarynyň her biri beýleki agzalaryň pikirlerine garamazdan, öz halan işi üçin baýrak gowşuryp biler) diýen at bilen 12 sany altyn medal taýýarlandy. Ýöne baş baýrak ähli ugurlar boýunça iň gowy işiň awtory üçin FIAP-niň mawy nyşanydyr.

Bäsleşige jemi 56 ýurtdan 4252 iş gelip gowuşdy. Türkmenistandan 128 eser üçin 12 arza berildi. Biziň awtorlarymyzyň 8-si bäsleşigiň soňky döwrüne ýetdi, şol ýerde olar 1 kümüş medal, 1 bürünç medal we IS-iň bir hormat lentasyny aldylar. Bu bäsleşige FIAP-niň ussady (EFIAP) diýen ady göterýän köp ýyllyk tejribesi bolan ýokary derejeli fotograflardan ybarat emin agzalary tarapyndan baha berildi. Olar: S. Anisimow – Russiýa, W. Sarkisýan – Türkmenistan, W. Korençuk – Gazagystan. Emin agzalary suratlara Moskwadan, Aşgabatdan, Alma-Atydan onlaýn arkaly baha berdiler.

3 günüň dowamynda her ugur boýunça iň gowy 100 iş saýlandy, şolardan her bölümde 18-si FIAP-niň, PSA-nyň, IS-iň baýraklary bilen sylaglandy. Aşgabadyň «Ferula» fotoklubundan 4 altyn, 4 kümüş we 4 bürünç medal berildi.

TürkmenGazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu