Habarlar

BWU-da wepat bolan balkanly esgerleriň ýagty ýadygärligine

07-12-2021 / 12

«Hatyra» kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy. Ol Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy.

Uruş gahrymanlarynyň sanawlarynda atlary anyklanylmadyk esgerler barada maglumatlary tapmaga mümkinçilik berýän arhiw işleri dowam edýär. Täze neşirde bellenilişi ýaly, bar bolan maglumatlara görä, Balkan welaýatyndan goşuna 35 müňe golaý adam çagyrylyp, urşa giden balkanly esgerleriň 8 müň 938-den gowragy Ýeňiş üçin şirin janlaryny gurban edip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelmediler.

Şeýle hem neşirde sylag hatlary we suratlary tapylan türkmen halkynyň edermen ogullary we gyzlary hakynda maglumatlar getirilýär. Kitapda frontdan gelip gowşan hatlaryň, uruş ýyllarynda, şeýle hem häzirki günlerde joşgun bilen ýazylan goşgularyň nusgalary ýerleşdirildi.

Maglumatlaryň giň dokumental binýady dürli çeşmelerden alyndy. Olar Balkan welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň harby wekillikleriniň, durmuş-üpjünçilik bölümleriniň arhiwlerinden, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryndan, şahsy maglumatlardan, ylmy makalalardan, döwürleýin neşirlerden ybaratdyr.

TürkmenGazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu