Amerikan Merriam-Webster düşündirişli sözlüginiň (Merriam-Webster’s Collegiate Dictionary) wersiýasy boýunça «waksina» sözi iňlis dilinde ulanylýan sözleriň içinde «Ýylyň sözi — 2021» diýen ada eýe boldy. Bu barada sorag-jogap neşiriniň saýtynda habar berilýär, diýip ТААС ýazýar.
Sorag-jogap neşiriniň awtorlary bu sözüň saýlanylyp alynmagyny gözlege ýüz tutmalar bilen girýänleriň sanynyň artandygy bilen düşündirýärler. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda «waksina» sözüniň manysyny düşündirmegi haýyş edip ýüz tutanlaryň sany-da ýedi esse artypdyr.
TürkmenGazet.