2022-nji ýylyň 22-nji martynda «Digital Engineering Expo 2022» (DEE 2022) atly Halkara sanly sergisi geçiriler. Maglumatlara görä, sergi 6 aý, ýagny 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabryna çenli dowam eder. Bu sanly gözden geçirilişe dünýäniň 50 sany ýurdundan 500-e golaý eksponentleriň we 200 müňden gowrak myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar «Digital Engineering Expo 2022» meýdançasynda onlaýn, şeýle-de oflaýn duşuşyp bilerler.
Sergide innowasion formatda görkeziljek eksponentler, sergä gatnaşýanlara energetika, maşyn gurluşygy, elektrik energiýasy, nebiti we gazy gazyp alyjy, gaýtadan işleýji, nebit himiýasy we metallary gaýtadan işleýji pudaklaryň, şeýle-de inženerçilik we sanly tehnologiýalaryň ulgamynda işleýän IT-kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň öňdebaryjy sanly hem-de adaty tehnologiýalar bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik döreder.
«DEE 2022» dürli döwletleriň sarp edijileriniň we öndürijileriniň, halkara bilermenleriniň we hyzmatdaşlarynyň maýa goýumçylarynyň arasynda interaktiw aragatnaşygyň amala aşyrylmagyna itergi berer.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.