Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtyň talyplary üçin aýdym-sazly sowgat taýýarlady. Sazandalar we aýdymçylar Aşgabadyň ähli ýokary okuw jaýlarynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler.
Bu taslama laýyklykda, 16 ýokary okuw mekdebinde baýramçylyk konserti geçiriler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Maýkl Jeksonyň we «Queen» toparynyň repertuarlaryndan aýdymlary ýerine ýetirýän aýdymçy Döwran Şammyýewi, şeýle hem Antonio Wiwaldiniň «Möwsümlerinden» parçalary ussatlyk bilen ýerine ýetiren skripkaçy Bahram Dolyýewi joşgunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.
TÜRKMENgazet.