29-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de geljegi barada pikir alşyldy, ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy bu hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde iri düzümleýin taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.