Göwün küýsegi

Çopan ýigidiň söýgülisine ýüzlenme

29-11-2021 / 17

Çopan ýigdi söýýändigiň çyn bolsa,

Ýumurtga bişirýän epgegi-de söý.

Gözel, çydamasaň onuň howruna,

Söýgüňem ejizdir, meger, özüň deý.

 

Çopan ýigdi söýýänligiň çyn bolsa,

Çölüň dyzdan gelýän garynam söý, gyz.

Garaz, çöli durky bilen söýmeseň,

Öň eýesin söýüp bilmersiň, eý, gyz.

Ymarat MEREDOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu