Göwün küýsegi

Resul Gamzatowyň «Meniň Dagystanym» kitabyndan aşagy çyzylan parçalar

27-11-2021 / 21

Eger sallançaklar üwrelip, hüwdi aýdylmadyk bolsa, ähtimal, dünýäde başga aýdymlar döremezdi.

***

Eneler — dünýäniň iň birinji şahyrlary!

***

Sowal — nyşany gözläp atylan ok. Jogap — nyşana degen ok.

***

Arzuwlar adamzadyň ömür serhedinden hem geçip gidýärler we asyrlary boýlap uçuberýärler.

***

Uruş hiç haçan adamlaryň sanyny köpeltmeýär, ýöne ol ýerdäki gahrymanlary artdyrýar.

***

Elbetde, guşlaryň saýrap durmagy gerek, ýöne olaryň esasy wezipesi höwürtge gurmak, owkat tapmak, çülpelerini bakmakdyr.

***

Bürgüt towuklaryň arasynda arkaýyn gezýän bolsa, ol — bürgüt däl.

***

Geçmişe sapançadan ok atsaň, gelejek seni topa tutar.

***

Daglylardan soraýarlar: «Siz näme üçin öýleriňizi dagyň barmasy kyn geçitlerinde gurýaňyz? Daglylar jogap berýärler: «Ýagşy dostlar hiç ikirjeňlenmezden, kyn ýollardanam geçip gelýärler, ýaman kişileriň bolsa, bize geregi ýok».

TÜRKMENgazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu