Habarlar

«Medeniýet we syýahat» žurnaly dörediler

27-11-2021 / 16

26-njy noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde medeniýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Täze neşir bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri tutuş dünýäde giňden beýan etmek we mahabatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan «Medeniýet» we «Syýahat» žurnallarynyň binýadynda döredilýär. Žurnaly üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir etmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

TÜRKMENgazet.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu