Daşary ýurt döwletlerinde ilkinji ýokary bilimini alýan, Türkmenistana dolanyp gelen we pandemiýa sebäpli okuw ýerlerine gidip bilmedik, şonuň ýaly-da hususy tertipde daşary ýurt döwletlerine okuw maksatly ilkinji ýokary bilimini almaga isleg bildirýän raýatlaryň resminamalary kabul edilip başlandy. Şonda, “Daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna” girýän okuw mekdepleri boýunça resminamalary kabul edilýändigi bildirilýär.
Şu nukdaýnazardan, okyjylaryň islegini hasaba alyp, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty bu barada maglumatlaryny saýtyna ýerleşdirdi. Iň gysga wagtda saýtlarynda Koreýa Respublikasy we Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny ýerleşdirjekdikleri barada habar berýärler.
TÜRKMENgazet.